Oguz handan gaýdýan Oguz nesli biz

4 Iýun 2024
203

Gahryman Arkadagymyz: «Her bir adamyň özüni doly tanamagy üçin, ilki bilen, öz neberesini, halkyny, olaryň dünýäsini bäş barmagy ýaly bilmelidir, şonda adam özüni tanap biler» diýýär.

Ata-babalarymyz bu mukaddes toprakda müňlerçe ýyl bäri ýaşap, Oguz nesillerinden bolan halk hökmünde dünýä ýüzünde tanalyp gelýär. Dünýäde ýaşaýan ähli türkmenleriň Oguz hanyň 24 agtygyndan gelip çykandygy taryhy çeşmelerde aýdylýar. Oguz hanyň alty oglunyň hersinden dört ogul dünýä inip, 24 agtygyndan 24 taýpa emele gelipdir. Ýaşan döwründe öz ýoluny, milli ýörelgesini döreden beýik şahsyýet hökmünde tanalyp, taryha giren Oguz han ogullaryna at, tagma, guş, bedew aty, orun, ülüş, ýurt ýaly ýedi sany emlägi miras goýupdyr. Ogullaryny Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han diýip, tebigatdyr asman jisimleri bilen baglanyşykly atlar bilen atlandyran Oguz han atamyz olara durmuşda orun-ojak alyp, ýer-ýurtly, mal-mülkli bolmagy, bir başa garap, agzybir ýaşamagy ündäpdir. Bu babatdan, Oguz hanyň ogullaryna ok döwdürip geçiren synagynyň agzybirlik synagy hökmünde uly terbiýeçilik ähmiýeti bolup, oguz nesilleriniň ganyna Watany, il-güni söýmek, olara wepaly bolmak, tutanýerlilik, edermenlik, batyrgaýlyk ýaly milli häsiýetler siňendir.

Kerim SERDAROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.