Bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär

4 Iýun 2024
335

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere beslenýär. Bu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bütin dünýäde uludan bellenilýär. Halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem täze-täze sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet derejesine ýetirildi.

Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Her ýylda täze, döwrebap çagalar baglarynyň, ak mekdepleriň sany artýar. Bular ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olarda çagalaryň irki ýaşdan zehinlerini ýüze çykarmak, daşary ýurt dillerini özleşdirip, kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Maral PIRLIÝEWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygy.