Mugallymlaryň asylly işi

4 Iýun 2024
360

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Ýaşlara bilim öwretmek we olaryň bilimli hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak mugallymçylyk käri bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýär. Şunda milli bilim ulgamyny ösdürmek we okatmagyň iň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak möhüm ugurlaryň biridir.

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu taryhy waka ähli bilim işgärlerini – mugallymlary tüýs ýürekden begendirdi. Munuň özi okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilen mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalara, sanly bilimiň ösüşine aýratyn üns bermek bilen, geljekde bu ugurlar has-da ösdüriler.

Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistranty.