Dil bilen dünýäni gezer

4 Iýun 2024
285

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi üçin ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara bilim öwretmek we olaryň dünýägaraýşyny ösdürmek esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şunda dünýä dillerini öwretmäge hem uly üns berilýär.

Daşary ýurt dilini bilmek ylym we tehnologiýanyň köp ugurlary boýunça hünärmenleriň geljekde üstünlik gazanmagynyň açarydyr. Şonuň üçin hünär derejesini ýokarlandyrmaga çalyşýan we daşary ýurt dillerini bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak tehniki uniwersitetleriň esasy wezipesidir.

Üzümgül BÄŞIMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.