Mugallymlaryň iş tejribesi

28 Maý 2024
308

Şu ýylyň 27—28-nji maýynda  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşigi geçirildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen döwlet bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli mugallymlary gatnaşyp, özleriniň bilim başarnyklaryny ussatlarça ýüze çykarmagy başardylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleriniň barşynda amala aşyrylýan işleriň düýp özeninde ýaşlar hakyndaky alada bar. Ýaş nesilleriň hemmataraplaýyn sazlaşykly ösüşinde, aň-bilim mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň baýlaşmagynda ussat mugallymlaryň ýerine düşýän yhlasly zähmetiniň miwelerini görmek bolýar. Eziz Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan bilimli hünärmenleri taýýarlamak, tejribeli mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen döwlet bäsleşiginiň üstünlikli geçendigini nygtamak bolar.

«Mugallymlar gazeti».