Ýüregim — Türkmenistanda!

27 Maý 2024
294

Nurjan GÜDER,
Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa uniwersitetiniň dosenti, professor:

— Nesibäm çekip, öň maňa bu mähriban ýurtda ýaşamak we işlemek miýesser edipdi. Ýüregimde ýaşaýan ýurda ýene myhman boldum. «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik bizi ýene bu döwlete getirdi. Türkmen halky bizi hemişeki ýaly mähirli garşylady. Türkmenistanlylar meni türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitaby türk diline terjime eden edebiýatçy alym hökmünde tanaýandyrlar. Bu kitap türkiýeliler üçinem hakyky akyl sandygyna öwrüldi. Şeýle işleri dowam etmek bilen, geçen ýyllarda türkmen halk ertekilerini terjime edip, «Iň gowy türkmen ertekileri» atly kitaby türk dilinde çapa taýýarladyk.

«Nesil».