Uçurymyň uçurymlara sözi

27 Maý 2024
242

Orta mekdebi tamamlanyma 20 ýyldan hem köp wagt geçenem bolsa, her ýyl maý aýynyň 25-i golaýlaberende özümi uçurym ýaly duýýaryn. Bu duýgy diňe bir mende däl, megerem, ähli kişide hem şeýledir. Owadan geýnen uçurym oglan-gyzlary göreniňde öz mekdep ýyllaryňy, okuwçy döwürleriňi ýatlaýaň. Jogapkärçiligiň, talabyň, üstünligiň, şowsuzlygyň, bäsdeşligiň, dostlugyň we ýene-de beýleki ähli inçe duýgularyň görnetin ýüze çykýan ýeri bu — mekdepdir.

Synpda mugallymy diňlemek bilen durmuşda özümizden ululara hormat goýmagy öwrenýän bolsak, partadaşymyz bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryny, synpdaş oglan-gyzlaryň bilen bolsa jemgyýetçilik gatnaşyklaryny öwrenýäris. «Şu setiri «A» harpyndan dolduryp geliň!» diýlip tabşyrylýan öý işden durmuşdaky ilkinji jogapkärçiligi, ýalňyş işlän mysallarymyza degen gyzyl ruçkadan bolsa durmuşda ýalňyşymyz üçin bizi hiç kimiň aýap goýmajakdygyny öwrenýäris. Fizikanyň kanunlaryna ters hereket etsek, jogabyň dogry çykmajaklygyndan ugur alyp, durmuşyň kanunlaryna hem boýun bolmagy öwrenýäris. Himiýada her bir elementiň täsirleşmesinden ugur alyp, adamlaryň hem bir-birek bilen nähili gatnaşyk saklamalydygynyň üstüni açýarys. Geografiýada globusa serede-serede, durmuş kartasynda hem azaşman ýaşamagy öwrenýäris. Garaz, bu zatlary her ýyl täze uçurymlara gözümiz düşüp, bir döwür özümiziň hem şol ýoly geçenligimiz ýadymyza düşüp öwrenýäris.

Şageldi ÝABANOW,
«Nesil».