Mekdep uçurymlary, ýoluňyz ak bolsun!

25 Maý 2024
213

Tejen etrabyndaky orta mekdeplerde 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen “Soňky jaň” dabaralary uly şowhun- şagalaňa beslendi. Mekdeplerde guralan dabaralara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ata-eneler hem gatnaşdy. Dabaralarda çykyş edenler mekdebi tamamlaýan okuwçylary şatlykly pursat bilen mähirli gutladylar, ýollarynyň ak bolmagyny arzuw etdiler, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda tamamlanýan okuw ýylynda etrabyň bilim işgärleriniň ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde alyp baran işleri, gazanan üstünlikleri barada aýtdylar.

Dabaralara gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler.

Leýli ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.