Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi

27 Maý 2024
217

Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ol soňky jaňyň kakylmagy bilen, ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Uçurymlar üçin mekdep bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly, şatlykly wakalara utgaşyp, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny alamatlandyrýar. Mekdep ýyllarynyň dowamynda ýaşlar ähli ugurda kämilleşmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek köptaraply bilim aldylar.

Ýaş nesilleriň saglygy, terbiýesi, bilimi, ýokary intellektual mümkinçilikleri, olaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply adamlar bolup ýetişmekleri babatda edilýän aladalar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň bilim edaralarynda okamak üçin hem ähli mümkinçilikler döredilýär.