Ene dilim — eziz dilim

26 Maý 2024
300

Häzirki zaman türkmen dili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik pikirlenişiniň ähli ugurlarynda öz ýokary ukyplylygyny görkezmek bilen kämil hyzmat edýän aragatnaşyk serişdesidir.

Dil adamzadyň jemgyýetçilik durmuşyny, ýaşaýşyny guraýan serişdedir. Bu türkmen dili babatda-da şeýledir. Dil serişdeleriniň ulanylmagy arkaly adamlar arasyndaky gepleşik aragatnaşygy guralýar, ýazuw hem aýdylyşyň üsti bilen maglumat ýaýradylýar we nesilden-nesle geçirilýär.

Amangül ESENMÄDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.