Uçurymlar «akylly» şähere gezelenç etdiler

25 Maý 2024
238

Ýurdumyzda uludan bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdepleriniň 2023-2024-nji ýylynyň uçurymlary «akylly» şäheriň iň gözel ýerlerine gezelenç etdiler.

Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp Arkadag şäherinde bina edilen «Akhan» binasyndan başlanan gezelenç Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşmak arkaly dowam etdi. Soňra uçurymlar Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasyna, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem-de Taryhy-medeni seýilgähine aýlanyp gördüler.