Mekdep menzillerinden — durmuş ýoluna!

25 Maý 2024
206

25-nji maý — «Soňky jaň» güni. Özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramçylyk. Bu şatlykly wakanyň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi nurana arzuw-umytlara beslenen ýaşlygyň ýakymly pursatlaryny uçurymlaryň ýadynda hemişelik galdyrýar. Olary durmuşyň täze möhüm tapgyryna ynamly gadam basmaga, saýlap alan hünärlerine eýe bolmaga hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň Aşgabat şäheriniň gününe gabat gelmegi goşa baýramçylygyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».