Bilimler baýramy

24 Maý 2024
276

Biz — ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerimiz boýunça okamagymyz, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, Watanymyzyň at-abraýyny has-da beýgeldýän adamlar bolup ýetişmegimiz üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Soňky jaň» dabarasy berkarar Watanymyza, merdana halkymyza beýik buýsanjy terbiýeleýän bilimler baýramydyr. Jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan bu baýramçylyk bagtyýar uçurymlarymyz — geljegine ynamly ädimler bilen gadam goýýan ýigitlerimiz we gyzlarymyz tarapyndan ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler bilen gurşalýar» diýip nygtaýar. Ine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ajaýyp baýram ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyp ýaşlary hökmünde biziň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Şasüleýman GURBÄNSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.