Halkara bäsleşige badalga berildi

24 Maý 2024
231

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşige dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Daşary ýurtly talyplaryň we magistrleriň gatnaşmagynda ilkinji gezek geçirilýän bäsleşige gatnaşmak üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinden wekiller paýtagtymyza geldiler. Bäsleşige ady agzalan döwletlerden 40-a golaý, ýurdumyzdan bolsa 200-den gowrak talyp we magistr gatnaşýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu bäsleşigiň maksady BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan gelip çykýan ýörelgeleri, halkara dialog medeniýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekden ybarat bolup, ol ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilýär. Onuň emin agzalary ýurdumyzyň we bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan düzüldi.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby. Surata düşüren Annanur REJEBOW.