Ykdysadyýet ugurly olimpiada

24 Maý 2024
182

Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden 82, daşary ýurtlaryň 13 sany ýokary okuw mekdebinden 48 talyp gatnaşdy. Olimpiada gatnaşyjylar 120 minudyň dowamynda tabşyrylan 10 meseläni çözmekde öz başarnyklaryny görkezdiler. Olara gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynyň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Eminleriň gelen netijelerine görä, jemi 45 sany baýrakly orun yglan edildi. Şunlukda, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň 11-si birinji, 16-sy ikinji, 18-si bolsa üçünji orna mynasyp bolup, ýokary netije gazandylar.

Internet bäsleşigine gatnaşan türkmenistanly ýaşlar ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, dünýä derejesinde öz zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».