Ylym-bilim — ösüşleriň sakasy

22 Maý 2024
225

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň ylym-bilim pudagyna aýratyn üns we ähmiýet berilýär. Talyp ýaşlarymyz halkara internet olimpiadalaryna we ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýyny belende göterýärler. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Şeýle işleriň hatarynda golaýda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň we dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda onlaýn usulynda materiallaryň garşylygy dersinden III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu halkara olimpiadasyna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary hem gatnaşyp, olardan Mekan Nurgeldiýew, Mekan Jumaýew 2-nji, Şatlyk Orazbaýew, Eşret Serdarow dagy 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan harby deňizçi talyplara diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.

Röwşen ORAZGELDIÝEW,
TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyby.