Buýsandyrýan ýeňişler

22 Maý 2024
215

Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi bolan zehinli ýaşlarymyzyň gazanýan ýeňişleri bizi guwandyrýar. Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyplary hem ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara, zehin, taslama bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle bäsleşikleriň biri hem ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça geçirildi. 3-nji Açyk halkara internet olimpiadasy bolan bu bäsleşige dünýäniň 16 döwletinden talyplar gatnaşdy. Türkmenistanyň Serhet institutynyň zehinli ýaşlary hem institutymyzyň mugallymy Akmyrat Durdyýewiň ýolbaşçylygynda bu halkara olimpiadasyna gatnaşdylar we harby talyplardan Ýolaman Meretbaýew bilen Hanahmet Annaberdiýew 3-nji orna mynasyp boldular. Institutymyzyň buýsanjyna öwrülen zehinli harby talyplarymyza halkara derejeli diplomlar we gullugymyzyň adyndan Hormat hatlary, sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şir ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy, podpolkownik.