Uly durmuşa ak ýol

21 Maý 2024
248

Bagtyýar halkymyz baýramlara baý ata Watanymyzda ýene-de sanlyja günden goşa toýy — parahatçylygyň ýüregi, Aziýanyň merjeni, ak arzuwlaryň wysal tapýan mekany bolan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň gününi hem-de «Soňky jaň» dabarasyny uludan toýlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylandygyna 143 ýyl dolýar. Taryh heňňam çarhyny aýlap, ýyllaryň hasabyny artdyrdygy saýy Aşgabat hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary, geljegiň eýeleri bolan ýaşlara bildirýän ynamy netijesinde, gün-günden döwrebap, gözel keşbe eýe bolup, juwanlygyň gaýtalanmajak nusgasyna öwrülýär. Hut şonuň üçin-de, halkymyz paýtagtymyzyň juwanlyk gününiň simwoliki manysyny «Soňky jaň» dabarasy bilen baglaýar. Sebäbi bu sazlaşyk ynsana durmuşyň unudylmajak pursatlaryny bagyş edýär.

Batyr MÄMMETMYRADOW,
Gökdepe etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.