Lebaply mekdep okuwçylarynyň üstünligi

17 Maý 2024
305

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumaýewa «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň final oýnunda baş baýraga hem-de göçme kuboga mynasyp boldy. Bilşimiz ýaly, bu bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň karary bilen açylan Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýär. Bu bäsleşik geljekde ykbalyny diplomatiýa hünärine baglamak isleýän mekdep okuwçylaryna öz zehinlerini görkezmek üçin giň meýdançadyr. Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen geçirilip, onda Kerki etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Bakyýewa bolsa ikinji orny eýeledi.