Bilimli nesil — kuwwatly Watan

15 Maý 2024
415

Her bir ynsan saýlap alan hünäriniň ussady bolmak üçin jan aýaman zähmet çekýär. Ýaş nesillerimiziň bilimli, ukyp-başarnykly, zehinli bolmagy ugrunda irginsiz aladalanýan halypa mugallymlaryň biri-de Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň ýokary derejeli başlangyç we rus dili mugallymy Akgözel Esenowadyr. Akgözel mugallym özüniň ugurtapyjylygy, maksada okgunlylygy bilen bilim berýän okuwçylarynyň zehinini, bilimini artdyrmak üçin bar yhlasyny gaýgyrmaýar.

Mugallymyň üstünligini onuň özüniň we okuwçylarynyň gazanýan ýeňşinden görmek bolýar. Has takygy, mugallym rus dili dersi boýunça mugallymlaryň arasyndaky onlaýn bäsleşikde 1-nji orna mynasyp boldy we medal bilen sylaglanyldy. Akgözel mugallymyň ýolbaşçylyk edýän synpynyň okuwçylary bolsa, rus dili we matematika dersleri boýunça internet olimpiadalaryna gatnaşyp, birinji derejeli diploma eýe boldular. Şeýle begendiriji üstünlikler okuwçylara mundan beýläk-de okamaga, mugallyma bolsa, jogapkärli işinde yhlasly zähmet çekmäge uly itergi berýär.