Döwrebap tehnologiýalara — giň ýol

15 Maý 2024
352

Paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň binasynyň sergiler zaly iri halkara sergileriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Düýn hem bu ýerde azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisi öz işine başlady.

Halkara serginiň açylyş dabarasy ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenilip, el çarpyşmalar bilen garşylandy. Döwlet Baştutanymyz azyk senagaty pudagyny ösdürmek, şeýle hem ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şol esasda, şu gezekki gözden geçiriliş ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň gazanan üstünlikleriniň aýdyň görkezijisi boldy.

Ýörite habarçymyz.