Bilimli nesil — kuwwatly Watan

15 Maý 2024
357

Bilim ulgamynyň ösüşli menzilleri

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini we tebigy, takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, berkarar döwletimizde bilim ulgamynyň ösüşli menzillere ýetmegine giň ýollar açylýar. Sapaklaryň döwrebap tehnologiýalar esasynda guralmagy bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bilim edaralary bilen sanly ulgam arkaly guralýan okuw sapaklary onuň mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.