Ylym-bilim — üstünlikleriň binýady

15 Maý 2024
395

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem beýleki ulgamlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ýaş nesillerimiz hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurdygyny görkezýär. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ylym-bilimli nesilleriň kemala gelmegini gazanmaga, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe boldy. Geçirilýän bäsleşikler, maslahatlar, sport ýaryşlary we beýleki çäreler ulgamyň kämilleşmegine, bilim işgärleriniň has zehinlilerini ýüze çykarmaga ýakyndan ýardam berýär.

Şeýle bäsleşikleriň birini ýakynda welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirdik. Welaýat merkezindäki orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň arasynda guran bu bäsleşigimizde ähli şertler akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi bilen bagly boldy. Şunuň ýaly bäsleşikleri mekdep okuwçylarynyň arasynda hem yzygiderli geçirip durýarys. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle-de bilim işgärleriniň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler oňyn netijelerini-de berýär. Olar halkara ýaryşlarda hem baýrakly orunlary eýeleýärler. Bular geljekde Watanymyzyň eýeleri boljak ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan edilýän aladanyň netijesidir.

Täzegül Nadyrowa,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.