Nazary mehanika: zehinli ýaşlaryň üstünligi

15 Maý 2024
336

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehanika dersi boýunça geçirilen III Açyk halkara internet olimpiadasynda türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Oňa 16 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň 87-sinden zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirildi.

Şahsy bäsleşikde gatnaşyjylara sekiz meseläni çözmek üçin 240 minut, toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylara bolsa nazary mehanika dersiniň dürli bölümlerine degişli bäş sany meseläni çözmäge 60 minut wagt berildi. Bäsleşigiň ýeňijileri şahsy we toparlaýyn görnüşde hasaba alnyp, meseleleriň dogry ýerine ýetiriliş derejesine görä toplanan utuklaryň jemi bilen kesgitlendi. Olimpiadanyň ýeňijileri birinji, ikinji we üçünji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň talyplary öňdäki orunlary eýelediler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üstünlikli çykyş edip, olaryň 16-sy birinji, 17-si ikinji, 49-sy bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Anyk aýtsak, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan D.Suwhanberdiýew, G.Gylyçgeldiýewa, Ş.Babamuradow, A.Ýazjumaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden K.Çerkezow, M.Artykow, G.Orazgeldiýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden M.Allamyradow, Ö.Hojaýew, S.Merdanow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan K.Merdanow, Y.Gylyjow, Türkmen oba hojalyk institutyndan G.Annalyýew, J.Rejepowa, T.Hojaýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden D.Saparow dagy has tapawutlanyp, 1-nji orna mynasyp bolan ýaşlardyr. Daşary ýurtly talyplaryň 22-si birinji, 66-sy ikinji, 98-si üçünji orny eýelemegi başardylar.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».