Sanly bilimiň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

14 Maý 2024
445

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny innowasion we tehnologik esasynda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze görnüşlere eýe boldy. Şunda sanly bilimi ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Biziň ýokary okuw mekdebimizde hem sanly bilim esasynda işleri ýola goýmaga aýratyn üns berilýär. Uniwersitetiň kitaphana gory yzygiderli baýlaşdyrylýar, dersler boýunça işlenip taýýarlanan döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar köpeldilýär. Täze maglumatlar bilen başlangyç elektron maglumat gorunyň üstüni ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Şunda mugallymlarymyzyň tagallalary bilen taýýarlanan okuw gollanmalaryndan we kitaplardan peýdalanýarys.

Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.