Azyk bolçulygy üpjün edilýär

13 Maý 2024
223

Azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar.

Paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky söwda merkezleriniň we bazarlaryň tekjelerinde harytlaryň dürli görnüşleriniň bol bolmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, şol sanda azyk önümlerini öndürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagaty pudagyny ösdürmek, halkymyzyň ýokary hilli we dürli görnüşli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda wajyp ädime öwrüldi.

Myrat NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.