Duşuşyk geçirildi

6 Maý 2024
628

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk  urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde duşuşyk geçirildi.

Ýaşlarda watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezen milli gahrymanlarymyza bolan buýsanjy artdyrmak, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksadynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler gahrymanlarymyzyň görkezen mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda uly orna eýe bolandygyny nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda häzirki taryhy döwürde Beýik Ýeňşi getiren milli gahrymanlarymyzyň sarpasynyň has-da belent tutulýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Atažan ODAÝEW.