Amul galasy ylmy jemgyýetçiligiň nazarynda

3 Maý 2024
415

Müňýyllyklaryň syrlaryny saklaýan taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolan türkmen topragy bütindünýä ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. 26-njy aprelde «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen açyldy. Forumda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy taýdan öwrenmek ony asyl durkunda we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem giňişleýin söhbet etdiler.

Jeren ATABAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.