Fransiýanyň Luwr muzeýinde meşhur italýan suratkeşi Leonardo da Winçi tarapyndan çekilen Mona Lizanyň portretini görmek üçin, ilki nobata durmaly, soňra bolsa, bu ajaýyp eseri synlamak üçin sähel salym wagt berilýär. «Euronews»-yň habaryna görä, golaýda muzeýiň ýolbaşçylary portrete aýratyn otagyň zerurdygyny mälim etdiler.
Her ýylda 10 milliona golaý adam Mona Lizany görmek üçin Pariže gelip, iki sagatdan gowrak wagt nobata durýar. Bu dünýäniň iň köp görülýän sungat eserleriniň biridir. Sungaty söýýänler ahyrsoňy Mona Lizanyň portretiniň asylgy duran zalyna ýetenlerinde, ony aýdyň görüp bilmeýändiklerine göz ýetirýärler. Sebäbi uly bolmadyk portretiň garşysynda germew goýlup, ýüzi hem gorag aýnasy bilen örtülendir.