28-29-njy aprelde Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda halkara hyzmatdaşlyga, ösüşe we energiýa pudagyna bagyşlanan Bütindünýä ykdysady forumynyň (WEF) ýörite mejlisi geçirildi. Mejlisde döwlet we hususy pudaklardan, halkara guramalardan, hökümete degişli däl guramalardan, akademiýalardan we raýat jemgyýetlerinden 700-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdy. Forumyň işi halkara hyzmatdaşlygy janlandyrmak we ösüşdir özgerişliklere päsgel berýän häzirki döwrüň kynçylyklaryny çözmek maksady bilen ýurtlaryň arasyndaky gepleşikleri işjeňleşdirmäge gönükdirildi.
– Biz bu gün dünýäniň köp üýtgeşmelere sezewar bolýan wagtynda, ykdysadyýetlerimiz, jemgyýetlerimiz we pudaklarymyz görlüp-eşidilmedik derejede kynçylyklar, şol bir wagtyň özünde bolsa, ägirt uly mümkinçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwründe bir ýere jemlenýäris – diýip, Saud Arabystanynyň ykdysadyýet we meýilleşdiriş ministri Feýsal ben Fadl al-Ibragim ýörite mejlisiň açylyş dabarasynda aýtdy. Ol sözüniň dowamynda hemmeleriň eşreti üçin işleýän dünýä ykdysadyýetine global derejede gatnaşmagyň ähmiýeti barada durup geçdi.