60 ýaş­da bäs­le­şi­gi­ň ýe­ňi­ji­si bol­dy

3 Maý 2024
282

Ar­gen­ti­na­nyň paý­tag­ty Bue­nos-Aý­res­de ge­çi­ri­len gö­zel­lik bäs­le­şi­gin­de 60 ýaş­ly žur­na­list Alek­sand­ra Ma­ri­sa Rod­ri­ges ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol bu ýe­ňiş­den soň La­tyn Ame­ri­ka­sy­nyň jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ry­nyň ha­ky­ky ýyl­dy­zy­na öw­rül­di, se­bä­bi bu ze­nan ju­wan keş­bi bi­len hem­mä­ni geň gal­dyr­dy. In­di Alek­sand­ra mu­nuň bi­len ka­na­gat­lan­ma­ýar. Ol eý­ýäm «Ar­gen­ti­na­nyň ha­ny­my» gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň saý­la­wy­na gat­naş­dy we gel­jek­de «Älem gö­ze­li» bäs­le­şi­gi­ne gat­naş­ma­gy hem mak­sat edin­ýär.

«Älem gö­ze­li» bäs­le­şi­gi­niň gu­ra­ma­çy­la­ry ge­çen ýyl ýaş çäk­len­dir­me­le­ri ara­dan aý­ran­dan soň, Alek­sand­ra­nyň gat­naş­ma­gy­na hem müm­kin­çi­lik dö­re­di. Mun­dan öň bu çä­rä di­ňe 18 ýaş­dan 28 ýaş ara­ly­gyn­da­ky gyz­lar gat­na­şyp bil­ýän bol­sa, in­di has uly ýaşlylar hem gatnaşyp bi­ler.