Islegli süýjülikler

2 Maý 2024
594

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysady pudagyny ösdürmekde we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda türkmen telekeçileriniň möhüm orun eýeleýändigini nygtaýar. Şunda azyk we haryt bolçulygynyň döredilmegi elmydama üns merkezinde saklanylyp, ak bazarlarymyzda marketlerdir dükanlarda müşderilere dürli görnüşli azyk önümleri yzygiderli hödürlenilýär. Şeýle ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn Ýunus» hususy kärhanasydyr.

Ösüş depginini ýylsaýyn artdyrýan bu kärhananyň önümçilik desgalary Änew hem-de Mary şäherlerinde ýerleşýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döredilenine 10 ýyl bolan, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanada işçi-hünärmenleriň 480-e golaýy zähmet çekýär. Işgärleriň tutanýerli zähmeti netijesinde bu ýerde süýji-kökeleriň dürli görnüşleri amatly bahadan müşderilere ýetirilýär. «Tower», «Springa», «Bubbly», «Çempion», «Baf», «Poema», «Broly», «Rast», «Coco San», «Atom», «Planeta», «Bäşlik», «Bilýard» ýaly konditer önümleri dükanlarda uzak wagt saklanman, geçginli haryda öwrülýär.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan».