Göwnümiziň ganaty, köňlümiziň küýsegi

1 Maý 2024
560

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy bizde çuňňur buýsanç duýgusyny döretdi. Bu eserde gadymy şäheriň şan-şöhrata beslenen taryhy we şu güni dogrusynda söhbet edilýär.

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt kabul edildi. Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde saýlanylmagynyň aňyrsynda uly many bar. Gadymy şäherde müňýyllyklaryň öçmejek yzyny görüp, duýup bolýar. Änew şäheri taryh üçin hem, şu günümiz we geljegimiz üçin hem täsin bir ýerdir. Täze taryhy döwürde Änew şäheri ajaýyp özgertmelere eýe boldy.

Aýna ANNAMYRADOWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.