«Tomsuň» önümleri mydama siz bilen...

21 Aprel 2024
391

Türkmen bazarynyň kuwwatly hususy kärhanalarynyň biri bolan «Tomus» söwda we önümçilik birleşigi eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri halkyň ösen isleglerini kanagatlandyrýan azyk harytlaryny öndürmek we satmak esasynda türkmen milli ykdysadyýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşup gelýär.

Telekeçi Osman Muhamedniýazow tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde 2002-nji ýylda açylyp, häzirki wagta çenli çörek we konditer önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanyp gelýän «Tomus» hususy kärhanasy ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, türkmen bazarlarynyň berekedini artdyrmaga, söwda nokatlaryny ata Watanymyzda ýetişýän ak bugdaýyň ýokary hilli unundan taýýarlanýan azyk harytlary bilen üpjün etmäge işjeň gatnaşýar.

Taýýarlan: Bägül Berdiýewa, «Biznes reklama».