«Her gün» her öýde islegli

17 Aprel 2024
398

«Her gün» haryt nyşanly önümçilik bölümini dörediji Alym Joraýew bilen ol ýaňy hususy işine başlan günlerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminde duşuşypdyk. Bölümde ondan başga-da telekeçileriň onlarçasy ýygnanypdy. Ýaňy işini ýöredip başlan telekeçiler şeýle duşuşyklara höwes bilen gelýärdiler. Bu duşuşyklar olar üçin örän bähbitlidi, olara iş ýöretmegiň gymmatly maslahatlary berilýärdi, ýaňy ýörjen-ýörjen bolup başlan hususy kärhanalara döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary hödürlenilýärdi, ýüze çykýan käbir meseleleriň oňyn çözgütleri dessine kabul edilýärdi.

Alym Joraýew şonda telekeçilik işine höwes bilen başlandygy barada gürrüň beripdi. Heniz ol «Her gün» haryt nyşanly önümçilik bölümini döretmändi. Şol döwürde bu işde onçakly tejribesi bolmadyk telekeçiniň özbaşdak işe bolan höwesini welin, söhbetdeşligiň hörpünden hem aňsa bolýardy. Gahryman Arkadagymyzyň şol günlerde telekeçileri maliýe taýdan goldamak babatynda dürli ýeňillikleri göz öňünde tutýan möhüm resminamalary, aýratyn-da salgyt tölegleri boýunça döredip beren birtopar ýeňillikleri Alym ýaly özbaşdak iş açanlara uly goldaw boldy.

Ilmyrat DÖWLETOW.