Işewürleriň eksport paýy artýar

10 Aprel 2024
394

Berkarar döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň gerimi barha giňelýär. Bu gatnaşyklaryň ösmeginde telekeçilerimiziň paýy aýratyn uludyr. Türkmen telekeçileriniň 2023-nji ýylda eksporta iberen oba hojalyk önümleri ABŞ-nyň 135 million dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterimden hem ýokarydyr.

Eksport ugurly önümleriň möçberiniň artmagynda lebaply telekeçileriň hem paýy uludyr. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygyny, öz işlerine barha kämilleşýändiklerini aýdyň görkezýär. Welaýatymyzyň telekeçileri her ýylda ABŞ-nyň onlarça million dollarlyga barabar önümleri eksport edýärler. Bu görkeziji milli ykdysadyýetimiziň eksport ugrunyň ösmegine lebaply hususyýetçileriň goşýan goşandynyň saldamlydygyny aýdyň görkezýär.

Ýazmyrat KERIMOW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.