«Hurma» kafe

1 Aprel 2024
355

Beýlekileriňkä meňzemeýän täsin dizaýny bilen köpleriň ünsüni çekmegi başaran bu kafe barada siz eýýäm eşiden bolmagyňyz mümkin. Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Hurma» kafesinde müşderiler üçin gerek bolan hyzmatlaryň ählisi jemlenendir. Tejribeli ofisiantlar, internet hyzmaty, iň esasy hem, awtoduralganyň bolmagy bu ýere gelmek üçin amatly şertleriň esasylarydyr.

Müşderileriň söýgüsini gazanmagy başaran bu kafeniň tagamnamasynda dürli görnüşli owadan bezelen ertirlikleriň, çorbalaryň, mangallaryň, pizzalaryň, hamyrly naharlaryň, garnirleriň, işdäaçarlaryň, desertleriň, pideleriň, köz dönerleriniň hem-de olar bilen bir hatarda çaý, kofe, freş, limonad, kokteýl ýaly içgileriň köp görnüşleri taýýarlanylýar. Isleg bildirilen tagamlar ussat aşpezler tarapyndan döredijilikli, owadan, gözegelüwli görnüşde taýýarlanylyp äberilýär.

Bägül BERDIÝEWA,
«Biznes reklama».