«Markow» kofe

1 Aprel 2024
358

Ylmy tehnologiýanyň döwri hasaplanylýan üstümizdäki asyrda kofe bilen bagly gürrüňleriň juda köp bolmagy jemgyýetiň arasynda hoşboý ysly, özboluşly bu tagama bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen bagly bolup biler. Bu önüme bolan islegiň netijesinde soňky ýyllar kofe önümçiligi barha pajarlaýar. Dünýäde iň uly kofe öndürijileri diýlende, Braziliýa, Indoneziýa, Efiopiýa, Wýetnam ýaly birnäçe ýurtlar hakynda eşidendiris, ýöne biziň bu gezekki gürrüňimiz olar barada bolman, Merkezi Aziýada iň iri kofe öndürijisi hökmünde tanalýan «Toýly» hojalyk jemgyýetiniň «Markow» haryt nyşanly kofeleri hakyndadyr.

1990-njy ýylda esaslandyrylan «Toýly» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde 2019-njy ýylda açylan «Markow» haryt nyşanly köp görnüşli, ýokary hilli kofe önümçiligini amala aşyrýan bu kärha­nada häzirki wagtda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanda iň iri kofe önümçiligi bilen meşgullanýan bu hojalyk jemgyýetinde 1/3 kofesiniň nusgawy, kapuçino, mokka, latte we hoz tagamly ýaly kofe önümleriniň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Önümçilikde Indoneziýadan, Malaýziýadan, Awstraliýadan, Türkiýeden we Wýetnamdan getirilýän tebigy kofe däneleri ulanylýar. Sarp edijiler tarapyndan köp isleg bildirilýän bişen kofe dänesini öndürmek üçin bolsa önümçilikde Indoneziýa, Efiopiýa, Keniýa, Braziliýa, Wýetnam ýaly ýurtlardan saýlanan kofe däneleriniň dürli görnüşlerinden peýdalanylýar.

Arzygül ÖWEZOWA,
Babadaýhan etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň mugallymy.