«Erkin miweçilik»: uly üstünliklerden täze sepgitlere

1 Aprel 2024
367

Eziz Diýarymyzyň telekeçileri soňky ýyllarda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda hem uly işjeňlik görkezýärler. Olaryň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda miweleriň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýan «Erkin miweçilik» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri hem bu hakykata aýdyň mysaldyr.

2015-nji ýylda bu hususy kärhana daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmak maksady bilen, üzümi, miweli baglary, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin Mary welaýatynyň çäginden 300 gektar ýer bölegi uzakmöhletleýin kärendesine berilýär. Işjanly işewürleriň yhlasy esasynda köpden bäri ulanylman ýatan ýerler özleşdirilip başlanýar. 2017-nji ýylda telekeçiler ekin ýerleriniň 40 gektaryna daşary ýurtdan getirilen almadyr garaly nahallaryny, 40 gektaryna bolsa ýerli hem-de daşary ýurt üzümlerini, galan bölegine bolsa gawun, garpyz we gök-bakja ekinlerini ekdiler.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».