«Arkaç» — milliligiň we döwrebaplygyň birleşýän ýeri

25 Mart 2024
385

17-nji martda döwrebap binägärlik keşbi bilen paýtagtymyzyň görküne görk goşýan durmuş maksatly ýene bir täze bina açyldy. Işewürlik merkezli, ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi ýakyn wagtda işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Milli we döwrebap dizaýny özünde jemleýän bu ajaýyp binada ýüzlerçe täze iş orunlary döredildi. Täze açylan binada işe başlanlaryň aglabasynyň ýaşlardan ybarat bolmagy guwandyryjydyr.

mumy meýdany 4,7 gektara barabar bolan «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär. «Ussat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Olardan başga-da, bu ýerde oýun meýdançalary, kino zallary, çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.