«Müşderileriň üstünligi — biziň üstünligimiz»

25 Mart 2024
284

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir güni uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda diňe bir dürli önümçilik desgalaryny, bilim ojaklaryny, edara-kärhanalary daşary ýurtlaryň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak işlerine däl, eýsem, tehnologiýa önümçiligini öz ýurdumyzda ýola goýmaga hem aýratyn üns berilýär. Şeýle işlere mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasydyr. Bizem bu kärhananyň esaslandyryjysy Hanmämmet Mollakow bilen söhbetdeş bolup, ýurdumyzda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamagyň we tehnologiýalary öndürmegiň mümkinçiliklerine nazar aýladyk.

— Söhbetdeşligimiziň başynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň esaslandyrylyşy we ilkinji üstünlikleri barada gürrüň beräýseňiz!

Söhbetdeş bolan: Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».