Telekeçilige — giň ýol

20 Mart 2024
446

Täze kärhanalar işe girizildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde döwlete dahylsyz çygyr bolan hususyýetçiligiň saldamly goşandy ýylsaýyn artdyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza hususyýetçileriň il-gün bähbitli tagallalary ýerine düşýär. Döredilenine 16 ýyl dolan birleşmä agza telekeçileriň Garaşsyz döwletimiziň ösüş-özgerişleriniň rowaçlanmagyna goşantlary guwandyrýar.