Lebaply telekeçileriň täze sepgitleri

20 Mart 2024
428

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň maslahaty bolup geçdi, şeýle hem olaryň öndürýän önümleriniň sergisi guraldy. Biziň welaýatymyzyň telekeçileriniň uly topary hem maslahata gatnaşdy we sergide öz önümlerini görkezdi. Bu möhüm wakalar mynasybetli birleşmäniň welaýat bölüminiň başlygy Şöwket Kerimberdiýew bize şeýle gürrüň berdi:

— Maslahatyň geçýän günlerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini beýan edýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylyşy ýaly, bu gün döwletimiziň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr. Olar döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportuny yzygiderli artdyrmak arkaly halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.

Ilmyrat DÖWLETOW.