Milli işewürligiň täze derejesi

18 Mart 2024
418

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide has-da aýdyň şöhlelenýär

17-nji martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň sergisi we maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Berkarar döwletimizi, bagtyýar döwrümizi, beýik galkynyşlarymyzy arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýan kuwwatyny, saçaklarymyzyň berekedini, bazarlarymyzyň bolçulygyny açyp görkezýär» diýlip bellenilişi ýaly, nobatdaky gözden geçiriliş häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşleriň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».