Hususy pudagyň orny ýokarlanýar

16 Mart 2024
372

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli 17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda sergi we maslahat guralar. Sergä birleşmäniň 230-dan gowrak agzasy öz önümleri bilen gatnaşar. Munuň özi türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň özboluşly gözden geçirilişi bolar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredildi. Onuň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda aýratyn möhüm waka boldy. TSTB-niň hatarynda iri möçberli özgertmeleri, şol sanda şähergurluşyk, obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşýan kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň müňlerçesi bar.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».