TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi açyldy

11 Mart 2024
386

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe girizildi. Bu merkez işewürligi goldamak üçin toplumlaýyn hyzmatlary hödürlär diýip, Türkmenistan Halkara habar merkezi habar berdi.

Merkez telekeçilere, ýuridiki şahslara we raýatlara hyzmatlaryň giň toplumyny, şol sanda taslamalara guramaçylyk-hukuk, maliýe-ykdysady goldawlaryny berer. Şeýle hem Merkez maýa goýumlaryny çekmek, taslamalary durmuşa geçirmek, işewürlik üçin amatly şertleri döretmek boýunça maslahatlary, salgytlar ulgamynda, ykdysady dolandyryşda, gümrük kadalaşdyrylyşynda goldawlaryny hödürlär.