Güller size, gözeller!

9 Mart 2024
733

Dünýä ýylylyk eçilip, töwerek-daşa janlanyş berýän baharyň ilkinji baýramy — Halkara zenanlar güni özi bilen bile «Baýramçylyga näme sowgat etmeli?» diýen sowaly-da getirýär. Sowgat kän, ýöne ynsany ýagty dünýä inderen, ak süýt berip, ak günlere ataran güler ýüzli enelere, ähli gelin-gyzlara ýüregimiziň emri bilen beren güllerimiz deý arzyly sowgat bolmasa gerek!

Güllere gözi düşen zenanlaryň çalaja bolsa-da ýylgyrmadygy az-azdyr. Bu ýöne ýere däl. Türkmen «gül ýaly owadan», «gülläp ösüş», «gül ýüzli», «gülüň ysy gelip dur», «gülden näzik», «ýagdaýym, durmuşym gül ýaly» diýen jümleler, arzuwlar, ýagşy sözler bilen-de diňe oňatlygy, gözellikleri beýan etmäge çalyşýar. Halkymyzda gyzlara at dakylanda «gül» sözüniň adyň esasy böleginiň öňünden ýa-da yzyndan getirilmegi olaryň arasyndaky meňzeşligiň, baglanyşygyň örän giň mana eýediginden nyşan. Asyrlaryň ilçisi, arşyň nepisligi hasaplanýan türkmen halylarynyň göllerinde, keşdeleriniň nagyşlarynda hem gülleriň şekillerine köp duş gelmek bolýar. Türkmen gelin-gyzlary güllerden ylham alyp, olary ajaýyp esere öwürmegi başarypdyr. Güller ýazlary buşlaýan ajaýyp gözelligi özünde jemleýär. Şonuň üçin, belki-de, merjen paýtagtymyzyň, oba-şäherlerimiziň ýollarynyňdyr ýanýodalarynyň ýakalaryny, seýilgählerini, jaýlaryň daş-töweregini dürli-dümen, hoşboý ysly güllere beslemek asylly ýörelgä öwrülendir.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».