Täze kärhana ulanyşa girizildi

2 Mart 2024
669

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde polat turbalary we profilleri öndürýän häzirki zaman kärhanasy açylyp ulanmaga berildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäginde gurlan täze kärhananyň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi.

Welaýat, etrap häkimlikleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan dabarada ajaýyp waka mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Çykyş edenler täze kärhananyň ähmiýeti we mümkinçilikleri barada söz açmak bilen, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek, özümizde öndürilýän gurluşyk önümleriniň önümçiligini giňeltmek, bäsdeşlik mümkinçiligini ýokarlandyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, hususy pudagyň wekillerine goldaw-hemaýat bermek babatdaky tagallalaryna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.