Işleri ilerleýän «Ak bulut»

25 Fewral 2024
973

Güýçli depginde senagatlaşýan ýurdumyzda hususy pudagyň wekilleri ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişine görä, 2023-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümçiliginiň ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy. Ýurdumyzda senagat harytlarynyň önümçiliginde öňdebaryjy orunlaryň hataryndaky hususy düzümleriň biri hem «Ak bulut» hojalyk jemgyýetidir. Bu hojalyk jemgyýetiniň esasy önümçilik toplumy 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy etraby hökmünde saýlanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär.

— «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, gurluşyk materiallarynyň, esasanam, asma potoloklaryň, profilleriň we olar bilen ugurdaş serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy. Hojalyk jemgyýetimiz Türkmenistanda asma potoloklaryň we profil ulgamlarynyň önümçiligine başlan ilkinji kompaniýadyr — diýip, «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň direktory Gündogdy Atakow gürrüň berýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».