Mahabat — işewürligiň hereketlendirijisi

18 Fewral 2024
839

Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir.

Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlary goýýarlar. Ilata durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlarynyň giň gerimini hödürleýärler. Olar içerki we daşarky bazarlara getirilýän täze önümleri bilen sarp edijileri begendirýärler. Bu bolsa önümleriň görnüşleriniň mahabatynyň giňeldilmegine hem-de ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň eksportynyň artmagyna ýardam berýär.

Enejan HÜMMÄÝEWA,
Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň mugallymy.